Serdar Azmun “Şabab Al-Ahli” üçin ilkinji goluny geçirdi

  • 07.08.2024 14:22
  • 7.2k+

Eýranyň milli ýygyndysynyň we “Şabab Al-Ahliniň” hüjümçisi Serdar Azmun täze toparyň düzüminde oýnan ilkinji oýnunda gol bilen tapawutlandy. Bu Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama ýaryşynyň 1/2 final duşuşygynda bolup geçdi. Duşuşykda “Şabab Al-Ahli” Eýranyň “Sepahan” toparyny goşmaça wagtda 4:1 hasabynda utup, indiki tapgyra çykdy (birinji oýun – 1:1).

Azmun 61-nji minutda meýdança çykdy, bary-ýogy bir minutdan soň bolsa täze topary üçin ilkinji goluny geçirdi.
Geçen möwsümde futbolçy kärendesine hökmünde “Romada” çykyş etdi. Ol ähli ýaryşlarda 29 oýna gatnaşyp, üç gol geçirdi we dört netijeli geçirim bilen tapawutlandy. Oýunçynyň “Baýer” bilen zähmet şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket etmelidi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 8 mln ýewro barabar.


düýn 20:28
6.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
9.2k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....