Honda 48 ýylda 25 million Accord awtoulagyny öndürdi

  • 07.08.2024 14:01
  • 2.7k+

Hytaýyň bilelikdäki GAC Honda kärhanasy awtoulag pudagynda taryhy sepgide ýetendigini habar berdi: öndürilen Honda Accord-yň umumy mukdary 25 milliona ýetdi diýip, ITHome habar berýär.

Model 48 ýyl ozal öndürilip başlanypdy we bu döwürde sedanyň 11 nesli, şeýle hem käbir ýurtlarda uniwersallar we hetçbekler öndürildi.
Ýylda ortaça 520 müň Honda Accord ulagy öndürildi.
Modeliň häzirki nesliniň uzynlygy, takmynan, 5 metre (4980 mm) ýetýär, emma awtoulagyň ilkibaşdaky uzynlygy 4450 mm-di. Häzirki wagtda awtoulag tehnologiki ösüşleri we häzirki zaman bazarynyň talaplaryna uýgunlaşýandygyny görkezmek bilen, adaty benzin hereketlendirijileri we gibrid güýç gurluşlary bilen enjamlaşdyrylýar.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......