Blue Origin ilkinji gezek nigeriýalyny kosmosa iberer: kosmonawt milli ses berişlik arkaly saýlanar

  • 07.08.2024 13:57
  • 2.1k+

Ilkinji nigeriýaly kosmonawt milli ses berişlik arkaly saýlanar we Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň eýeçiligindäki Blue Origin amerikan kompaniýasynyň adybir gämisinde kosmosa uçar diýip, The Conversation ýazýar.

Açyk ses berişlige gatnaşmak üçin saglyk ýagdaýy gowy we iňlis dilini bilýän 18 ýaşdan uly islendik raýat arza berip biler. Ýeňiji 11 minutlyk uçuş wagtynda bir synag geçirip biler.
Bu wezipe kosmos hukugy we syýasat ugrundan alym hem-de LearnSpace Foundation-yň prezidenti Enn Agi tarapyndan Blue Origin bilen guralan hyzmatdaşlygyň üsti bilen mümkin bolar. Şeýle hem uçuşa hindistanly we birnäçe ösüp barýan ada döwletlerinden wekiller gatnaşar.
Bu başlangyç kosmos barlaglarynda öz mümkinçiliklerini we tejribesini görkezýän  Nigeriýa üçin möhüm ähmiýete eýe. 1999-njy ýylda Milli kosmos barlaglary we ösüş gullugy döredileli bäri, ýurt alty hemranyň uçurylyşyna gatnaşdy we halkara kosmos agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk etdi. Blue Origin-iň pilotirlenýän uçuşyna gatnaşmak Nigeriýa üçin halkara hyzmatdaşlygy hem-de ylmy we tehnologiýany ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açar.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......