Gazna bazarlary üç hepdede $6,4 trln ýitirdi: duşenbe güni “çöküş” bolup geçdi

  • 07.08.2024 13:38
  • 4.1k+

5-nji awgustda dünýäniň gazna bazarlarynda çöküş bolup geçdi. Aziýa-Ýuwaş umman sebitine has güýçli täsir eden birža indeksleriniň düýpgöter pese gaçyşy sebäpli, bu gün XXI asyryň “gara duşenbesi” diýlip atlandyrylýar.

Kollapsyň sebäpleri ABŞ-nyň zähmet bazary boýunça gowşak statistikany öz içine alýar, bu maýadarlarda çökgünlik babatda howsalanyň döremegine getirdi. Goşmaça sebäpleriň arasynda ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň durnuklylygyna şübhelenmeler, emeli aň tehnologiýasynyň haýal ornaşdyrylmagy we Ýaponiýanyň Banky tarapyndan göterim goýumlarynyň duýdansyz ýokarlanmagy bar.
Iýul aýynyň başynda tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary iň ýokary derejesine ýetdi, ýapon ýenasy bolsa Ýaponiýanyň Banky tarapyndan pul-karz syýasatynyň berkidilmegine garaşylýan wagty ýokarlanyp başlady. 31-nji iýulda düzgünleşdiriji aýlyk obligasiýa satyn alyşlarynyň azalýandygyny we göterim goýumynyň 0,25%-e çenli ýokarlanýandygyny habar berdi, bu hem global bazarlara basyşy ýüze çykardy.
Bloomberg-iň belleýşi ýaly, soňky üç hepdede bazarlar $6,4 trln ýitirdi.
Obligasiýalar bazarynda ynjalyksyzlyk güýçlendi: ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy goýumlary ýigrimi ýyllyk ýokary derejesinde saklady, ABŞ-da işsizligiň artmagy baradaky maglumatlar bolsa negatiw ýagdaýlary güýçlendirdi. Amazon we Intel ýaly tehnologiýa ägirtleriniň girdejileri baradaky hasabatlar maýadarlaryň howsalalaryny has güýçlendirdi. Apple Berkshire Hathaway-yň paýnamalar bukjasynyň azaldylandygy baradaky habar bolsa howsalalaryň üstüni ýetirdi.
5-nji awgustda Nikkei 225 indeksi 12,4% pese gaçdy, bu bolsa 1987-nji ýyldan bäri rekord pese gaçyş boldy. ABŞ-da Nasdaq Composite, S&P 500 we Dow Jones indeksleri bolsa, degişlilikde, 3,43%, 3% we 2,6% peseldi.
6-njy awgustda yzyna gaýdyş başlady: Nikkei 225 10,24%, Asia Dow indeksi bolsa 4,33% ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, analitikler bazar howsalasynyň dowam etmeginiň mümkindigini duýdurýarlar.


düýn 10:04
4.6k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
11k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......