Kubaly Olimpiadanyň taryhynda iň köp titully pälwan bolup, karýerasyny tamamlady

  • şu gün 13:26
  • 1.1k+
Kubaly Olimpiadanyň taryhynda iň köp titully pälwan bolup, karýerasyny tamamlady

Mihain Lopes Nunýes Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda iň köp titula eýe bolan pälwan boldy. 41 ýaşly kubaly Parižde 130 kg çenli agram derejede grek-rim göreşi boýunça ýaryşyň finalynda Çiliniň wekili Ýasmani Akosta Fernandesi ýeňdi.

Tutluşyk 6:0 hasabynda tamamlandy. Lopes Nunýes yzygider bäşinji Olimpiadada ýeňiji boldy.
Final göreşi tamamlanandan soň kubaly pälwan göreş aýakgabyny çykaryp, ony düşegiň merkezinde goýdy we şonuň bilen karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.
Tokioda geçirilen geçenki Olimpiadada Lopes Nunýes dört Olimpiýa altyn medalyny alan taryhda ilkinji erkek-pälwan boldy. Indi ol zenanlaryň göreşinde dört Olimpiýa altyn medalyna eýe bolan ýaponiýaly türgen Kaori Itýonyň rekordyny täzeledi.
Şeýle-de, kubaly pälwan dünýä çempionatlarynyň bäş gezek çempiony we üç gezek kümüş medalynyň eýesidir.
Lopes Nunýes Tokiodaky Oýunlardan soň hem karýerasyny tamamlapdy, ýöne 2023-nji ýylda dolanmak kararyna geldi.


şu gün 13:09
1.5k+

Pariždäki Olimpiada-2024: 6-njy awgustyň täze rekordlary we medallary

6-njy awgustda Parižde 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň nobatdaky ýaryşlary geçirildi. Sportuň at sporty, ýelkenli sport, suwa bökmek, skeýtbording, göreş, ýeňil atletika, welosport we boks ýaly sekiz...

şu gün 12:03
2k+

Ginnesiň rekordlar kitaby Lamin Ýamala şahadatnamalary gowşurdy

Futbolçy Lamin Ýamal Ginnesiň rekordlar kitabyndan şahadatnama aldy. “Barselona” futbol klubunyň we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Ýewropa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşan, şeýle hem...

düýn 21:37
1.5k+

Jokowiç indiki Olimpiýa oýunlarynda hem çykyş etmegi meýilleşdirýär

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Los-Anjelesde geçiriljek 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Türgen şol wagta çenli 41 ýaşyna ýeter diýip, RIA Nowosti ýazýar. Ýekşenbe güni Jokowiç...

düýn 18:05
13k+

Filippinli gimnastikaçy Olimpiýa altyn medaly üçin iki otagly jaý we ömürlik iýjek-içjegini alar

Filippinli Karlos Ýulo Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda iki altyn medal gazanyp, öz ýurdunda şeýle üstünlige ýeten ilkinji erkek türgen boldy. Ol ilki erkin maşklarda, soň eliňi diräp bökmekde çempion boldy. Bu ony...