ABŞ-da iň soňky çykan Hyundai Santa Fe-niň satuwy gadagan edildi. Mesele - howpsuzlyk ýassyklarynda

  • 05.08.2024 22:58
  • 10k+

Howpsuzlyk bilen bagly meseleler sebäpli ABŞ-da we Kanadada söwda dilerlerine iň soňky çykan Hyundai Santa Fe-ni satmak gadagan edildi diýip, Carscoops habar berýär.

Robotlaşdyrylan tizlik geçiriş korobkasyndaky näsazlyk sebäpli ozal eýýäm ABŞ-da we Kanadada 13 müň awtoulag yzyna çagyrylypdy. Indi 2023-nji ýylyň dekabryndan 2024-nji ýylyň iýuly aralygynda öndürilen jemi 49 719 awtoulag yzyna çagyrylýar.
Häzirki mesele ikinji hataryň howpsuzlyk ýassyklary bilen bagly. Hasabatda poldan geçýän simleriň bogusynyň bolmalysy ýaly berkidilmändigi we onuň ikinji hatardaky eplenýän oturgyjyň şarnirine degip biljekdigi aýdylýar. Bu simlere zeper ýetirip, howpsuzlyk ýassygynyň sebäpsiz ýere işlemegine ýa-da heläkçilik wagty işlemezligine  sebäp bolup biler.

Ulaglar tehniki gözlegçilikden geçirilmezden ozal, söwda dilerlerine Hyundai Santa Fe-ni satmak gadagan edildi. Bu çäre bolup biläýjek ulag heläkçilikleriniň  öňüni almak hem-de sürüjileriň we ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýär.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....