Samsung täze sagatlarynyň we gulaklyklarynyň dizaýnynyň Apple-den ogurlanandygyny boýun aldy

  • 05.08.2024 22:04
  • 6.2k+

Samsung Electronics-iň ýolbaşçysy Li Je Ýen Galaxy Watch Ultra-nyň we Galaxy Buds3 Pro-nyň dizaýnynyň Apple önümleriniňki bilen meňzeşligine nägilelik bildirdi. Menzeşlik sebäpli dörän tankyt tolkunyndan soň, kompaniýada derňew geçirildi we mobil bölüminiň (MX) işinde düýpli kemçilikler ýüze çykaryldy diýip, Economic Daily habar berýär.

Çeşmelerde berilýän habara görä, Li Je Ýen Galaxy Watch Ultra bilen Apple Watch Ultra-yň arasyndaky meňzeşlige haýran galdy. Sagatdaky suwa çümmek we SOS funksiýalaryndan başga-da, titan korpusy, mämişi hereket düwmesi hem göçürilip alnypdyr.


Galaxy Buds3 Pro hem meňzeş şekilleri we dolandyryş funksiýalary sebäpli AirPods Pro-yň nusgasy hökmünde ykrar edildi.
Göçürmekde aýyplanmakdan başga-da, kompaniýanyň önümleriniň hilinde hem kemçilikler ýüze çykaryldy.
Li Je Ýeng bu meseläniň çözgüdi hökmünde, MX dolandyryşynda wezipe üýtgeşmelerini geçirip, aýlyklary azaltmagy meýilleşdirýär.
MX-iň işgärleriniň öndürilen önümleriň hiline däl-de, Galaxy AI-yň ösüşine has köp üns beren bolmaklary ähtimal.


17.06.2026 09:59
1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......