Hyundai Ioniq 5 N ulagy Mercedes-Maybach, Bentley we Rolls-Royce bilen ýaryşdyryldy

  • 05.08.2024 14:25
  • 7k+

CarExpert YouTube kanalynda dört awtomobiliň: Rolls-Royce Dawn, Mercedes-Maybach S680, Bentley Flying Spur V8 S we Hyundai Ioniq 5 N awtomobilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dreg-ýaryşyň wideosy peýda boldy. Bu waka gatnaşyjylaryň özboluşly düzümi sebäpli awtosport muşdaklarynyň ünsüni özüni çekdi.

Birinji bolup ýaryş ýoluna kuwwaty 420 kWt (571 at güýji) bolan 6,6 litrlik V12 hereketlendirijili Rolls-Royce Dawn we 450 kWt (611 at güýji) kuwwatly 6,0 litrlik V12 bilen üpjün edilen Mercedes-Maybach S680 çykdy. Üç ýaryşda has kuwwatly Maybach S680 yzygider ýeňiş gazandy.
Soň Mercedes-Maybach S680 kuwwaty 404 kWt (549 at güýji) bolan dört litrlik V8 hereketlendirijisi bilen üpjün edilen Bentley Flying Spur V8 S bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu gezek ýeňşi Bentley aldy.
Ahyrky tapgyrda Bentley Flying Spur iki sany elektrik hereketlendirijisi umumy 478 kWt kuwwaty (650 at güýji) berýän Hyundai Ioniq 5 N bilen duşuşdy.
Elektromobil Bentley-den öňe geçip, dörtden bir milýada iň gowy netijäni görkezdi, ol bu aralygy 11,32 sekuntda geçdi. Bentley ony 11,9 sekuntda, Mercedes-Maybach S680 – 12,11 sekuntda, Rolls-Royce Dawn bolsa – 12,98 sekuntda geçdi.


03.06.2026 11:52
7.1k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....

23.05.2026 15:59
5k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....