KHBS: Tom Kruz Olimpiadanyň ýapylyş dabarasyna gatnaşar

  • düýn 20:30
  • 3k+
KHBS: Tom Kruz Olimpiadanyň ýapylyş dabarasyna gatnaşar

Golliwud aktýory Tom Kruz Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşar. Bu barada TMZ habar berýär. Kruz dabara üçin çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmek barada Halkara Olimpiýa Komitetine (HOK) teklip bilen ýüz tutdy.

Guramaçylaryň meýilnamasyna görä, aktýor Olimpiýa baýdagy bilen “Stad de Frans” stadionynyň ýokarky böleginden tanap arkaly aşak düşüp, Pariždäki Oýunlar bilen 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek indiki Olimpiadanyň arasyndaky baglanyşygy alamatlandyrar.
Habar berlişi ýaly, şu ýylyň mart aýynda Kruz ABŞ-daky Olimpiada üçin wideo düşürip, onda Olimpiýa baýdagy bilen Parižden Los-Anjelese syýahat etdi we paraşýut bilen Golliwud nyşanyna bökdi. Bu wideo onuň janly çykyşyndan soň görkeziler.
Öň, 2004-nji ýylda aktýor Olimpiýa çärelerine gatnaşdy, ol Afinadaky Oýunlar başlamazdan öň Los-Anjelesde alawy göterdi.
Olimpiýa oýunlary 26-njy iýulda başlady we 11-nji awgusta çenli dowam eder. Şol gün hem ýapylyş dabarasy geçiriler. Oýunlaryň açylyşy Sena derýasynda boldy.


25.07.2024 22:39
6.1k+

Selin Dion we Ledi Gaga Parižde geçiriljek Olimpiadanyň açylyş dabarasynda çykyş eder

26-njy iýulda Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Selin Dion we Ledi Gaga çykyş eder. Bu barada žurnalist Týerri Monro salgylanyp, Independent neşiri habar berýär. Aýdymçylar...

23.07.2024 14:57
11k+

Fransiýada Olimpiýa oýunlary wagtynda polisiýa işgärlerine sakgyç çeýnemek gadagan edildi

Fransiýanyň içeri işler ministri Žerald Darmanen Parižde geçjek Olimpiýa oýunlarynda howpsuzlygy üpjün etjek Pariž polisiýasyna we žandarmlaryna berk görkezmeleri berdi. Şolaryň hatarynda - gulluk wagtynda olara...

05.07.2024 15:22
2.3k+

BTS K-pop toparynyň agzasy Fransiýada Olimpiýa alawyny göterer

Günorta Koreýaly ýyldyz, meşhur BTS toparynyň agzasy Çin (hakyky ady Kim Sokçin) Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda alaw göterijileriň biri bolar diýip, Yonhap agentligi çeşmelere...

02.07.2024 13:29
6.6k+

Pariždäki Olimpiada sebäpli Air France awiakompaniýasy €160-180 mln ýitirer

Air France-KLM awiakompaniýasy Olimpiýa oýunlary bilen baglylykda Pariže uçmaga bolan islegiň azalmagy sebäpli tomus möwsüminde €160-180 mln möçberde çak edilýän ýitgiler barada aýtdy. Bu barada Bloomberg habar...