Intel ýitgili hasabatyndan soň 23 mlrd dollardan gowrak bazar bahasyny ýitirdi

  • 04.08.2024 20:25
  • 1.5k+

Elektron gurluşlary we kompýuter böleklerini işläp düzüji we öndüriji kompaniýa bolan Inter ýitgili maliýe hasabatyny hödürländen soň 23 mlrd dollardan gowrak bazar bahasyny ýitirdi. Kompaniýanyň paýnamalary NASDAQ-da geçirilen söwdanyň jemi boýunça 18,9% pese gaçyp, 23,56 dollara ýetdi diýip, Reuters ýazýar.

Intel öz hasabatynda işgärleriniň 15%-den gowragyny azaltjakdygyny aýtdy, bu, takmynan, 17 500 işgäre deňdir, şeýle-de dördünji çärýekden başlap diwidend tölegini togtatjakdygyny belledi.
2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde Intel-iň girdejisi 1%, 12,8 mlrd dollara çenli azaldy. Kompaniýa bir ýyl ozalky 1,4 mlrd dollar girdejä garşy 1,6 mlrd dollar möçberde arassa ýitgini hasaba aldy.
Intel üçünji çärýekde girdejiniň $12,5-13,5 mlrd bolmagyna garaşýar, bu analitikleriň ortaça $14,35 mlrd çaklamasyndan pesdir. Şeýle-de, kompaniýa paý üçin $0,03 möçberde düzedilen ýitgini çaklaýar.
Maliýe kynçylyklary bilen baglylykda, Intel 2025-nji ýylda öz operasion çykdajylaryny we kapital çykdajylaryny 10 mlrd dollardan gowrak azaldar.
Trading View-iň maglumatlaryna görä, 1-nji awgustdaky esasy söwda sessiýasynyň jemi boýunça Intel-iň kapitalizasiýasy $123,67 mlrd boldy. 2024-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýa bahasynyň 50%-den gowragyny ýitirdi. Bu döwürde S&P 500 indeksi tas 14% ýokarlandy.


20.05.2026 15:31
986

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

23.04.2026 03:54
2.6k+

Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly......

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......