Hytaý 20 müň gezege çenli zarýad berip bolýan litiý batareýalaryny döretdi

  • 04.08.2024 20:20
  • 2.5k+

Hytaýda ýerleşýän Sindao bioenergetika we biotehnologiýa institutynyň (QIBEBT) inženerleri gaty litiý batareýalary üçin katodyň innowasion modifikasiýasyny  döretdiler. Täze tehnologiýa enjamlaryň energiýa dykyzlygyny we hyzmat ediş möhletini 20 000 gezek zarýad berip bolýan derejä çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi diýip, Nature ýazýar.

Litiý-ion batareýalarynyň aşa ýokary temperatura duýgurlygy we ýanmak töwekgelçiligi, şeýle hem ömrüniň gysgalygy ýaly kemçilikler ýaşyl energiýany ösdürmekde we elektrik ulaglaryny giňden ýaýratmakda päsgelçilik döredýär. Alymlar gaty batareýalaryň bu meseleleri çözüp biljekdigine bil baglaýarlar.
Adaty gaty ýagdaýdaky litiý batareýalary geçirijiligi gowulandyrmak üçin hereketsiz materiallaryň goşulmagyny talap edýän geterogen kompozit katodlar sebäpli, kynçylyklara uçrady. Bu goşundylar batareýalaryň energiýa dykyzlygyny we ömrüni peseltdi.
Hytaýly alymlar munuň çözgüdini tapdylar. Ol LTG0.25PSSe0.2 materialyny ulanyp, katody gomogenlemekden ybarat boldy. Täze material ýokary ion we elektron geçirijiligine eýe, bu goşmaça geçiriji komponentleri ulanmazdan, zarýadyň netijeli geçmegini üpjün edýär.
Birmeňzeş katodly batareýanyň prototipi üýtgeşik netijeleri görkezdi: udel sygymy 250 mAh/g, energiýa dykyzlygy 390 Wt·s/kg we otag temperaturasynda zarýad beriş we zarýady gidiş aýlawy - 20 000 gezek.


12.05.2026 07:19
16k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.6k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......