Olimpiýa oýunlary-2024: suwda ýüzmekde rekordlar, Baýlzyň ýedinji altyn medaly

  • 04.08.2024 16:02
  • 4.4k+

Sekizinji ýaryş gününiň netijesi boýunça, Hytaýyň milli ýygyndysy Oýunlaryň medal sanawynda öňdebaryjylygyny saklady, onuň hasabynda 16 altyn, 12 kümüş we dokuz bürünç medal bar. Ikinji orunda ABŞ-nyň topary ýerleşýär (14-24-23). Üçlügi Fransiýa jemleýär (12-14-15).

Esasy wakalar:

Suwda ýüzmek:
Amerikaly suwda ýüzüjiler 4x100 metre kombinirlenen estafeta ýaryşynda täze dünýä rekordyny goýdular (3.37,43), olar Hytaý toparyndan 12 millisekunt öňe geçdiler.


Keti Ledeki 800 metre erkin usulda ýüzmekde altyn medal gazanyp, Olimpiadadaky altyn medallarynyň sanyny dokuza ýetirdi. Indi ol bu görkeziji boýunça sowet gimnastikaçysy Larisa Latynina bilen birinji orny paýlaşýar.

Dzýudo:
Dzýudo boýunça garyşyk toparlaryň ýaryşynyň 1/4 finalynda Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy 145 kg fransiýaly Teddi Rinera (boýy – 204 sm) garşy 81 kg çenli derejede çykyş edýän dzýudoçy Li Ýon Hwany (175 sm) çykardy. Ine, bu nähili boldy:

Olimpiadanyň taryhynda iň köp titula eýe bolan dzýudoçy Riner tutluşykda ippon – arassa ýeňiş bilen ýeňiji boldy. Fransiýanyň milli ýygyndysy Günora Koreýany 4:1 hasabynda ýeňdi.

Tennis:
Awstraliýalylar Mettýu Ebden we Jon Pirs erkekleriň arasynda jübüt görnüşdäki ýaryşyň finalynda amerikaly duet Ostin Kraýçek bilen Rajiw Ramy utup, ýeňiji boldular.

Hytaýdan Çžen Sinwen zenanlaryň arasynda ýekelikde finalda Horwatiýadan Donna Wekiçi utup, altyn medal gazandy.

Sport gimnastikasy:
Amerikaly gimnastikaçy Simona Baýlz eliňi diräp bökmekde ýeňiş gazanyp, Oýunlaryň ýedi gezek çempiony boldy.

Filippinli gimnastikaçy Karlos Edriel Ýulo erkin maşklarda çempion bolup, Olimpiadanyň altyn medalyny alan ilkinji filippinli erkek türgen boldy.

Ýeňil atletika:
Amerikaly türgen Raýan Krauzer ýadro iteklemekde taryhda ilkinji üç gezek Olimpiýa çempiony boldy. Ol 22,90 netijäni görkezdi.

Germaniýaly Naklas Kaul on görnüşli ýaryşda naýza zyňmakda Olimpiýa rekordyny täzeledi. Onuň netijesi – 77,78. Öňki rekord kubaly türgen Leonel Suarese degişlidi (2012-nji ýylda Londondaky Oýunlarda 76,94).
Britaniýaly aýdymçy Adel zenanlaryň arasynda 100 metre ahyrky ylgaw ýaryşyna tomaşa etmek üçin Mýunhendäki 80 müň tomaşaçyly konsertiniň arasyny kesdi. Ahyrky ylgawda Sent-Lusiýadan Žýulýen Alfred ýeňiji boldy. Ikinji we üçünji orunlary ABŞ-dan türgenler Şa’Karri Riçardson we Melissa Jefferson eýeledi.


düýn 10:38
2.6k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.4k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....