Teddi Riner Olimpiadanyň taryhynda iň köp titula eýe bolan dzýudoçy boldy

  • 03.08.2024 22:14
  • 6.8k+

Fransiýaly dzýudoçy Teddi Riner Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda 100 kg-den ýokary agram derejesinde finalda koreýaly Kim Min Çony ýeňip, altyn medal gazandy.

Bu 35 ýaşly Rineri taryhda dzýudo boýunça ilkinji dört gezek Olimpiýa çempionyna öwürdi.
Öň, Riner Londondaky (2012), Rio-de-Žaneýrodaky (2016) we Tokiodaky (2020) Olimpiýa oýunlarynda ýeňiji bolup, üç şahsy we bir toparlaýyn altyn medal gazandy. Alty Olimpiýa baýraklary bilen Riner Olimpiadanyň taryhynda iň köp titula eýe bolan dzýudoçy boldy.
Bu agram derejede bürünç medallary Täjigistandan Temur Rahimow we Özbegistandan Alişer Ýusupow aldy.


06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.8k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...