Jokowiç we Alkaras finalda, Marşanyň nobatdaky rekordy: Oýunlar-2024-üň ýedinji gününiň netijesi

  • 03.08.2024 13:05
  • 4.1k+

Parižde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýene bir ýaryş güni tamamlandy. 2-nji awgustda sportuň ýeňil atletika, suwa bökmek, welosport, badminton, tennis, dzýudo ýaly 14 görnüşinde 23 medal toplumy paýlandy.

Hytaýyň milli ýygyndysy 31 medal (13 altyn, 9 kümüş we 7 bürünç) gazanyp, medal sanawynda öňdebaryjylygyny saklady. Fransuz topary 36 medal bilen (11-12-13) ikinji orunda ýerleşýär. Awstraliýa 22 medal bilen (11-6-5) üçünji orny eýeleýär.

Esasy wakalar:
Tennis: Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç karýerasynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň finalyna çykdy, ol ýarym finalda italiýaly Lorenso Muzettini utdy. Duşuşyk dünýäniň ikinji raketkasynyň peýdasyna 6:4, 6:2 hasabynda tamamlandy. Final oýnunda türgen kanadaly Feliks Ože-Alýassimden üstün çykan (6:1, 6:1) ispaniýaly Karlos Alkaras bilen oýnar. Jokowiç we Alkaras eýýäm iýul aýynda “Wimbledonyň” final oýnunda duşuşypdylar. Şonda Alkaras güýçli boldy – 6:2, 6:2, 7:6.

Zenanlaryň arasynda geçirilen tennis ýaryşynda dünýäniň birinji raketkasy Iga Swýontek bürünç medal gazandy. Üçünji ýer üçin oýunda polşaly Slowakiýanyň wekili Anna Karolina Şmidlowany 6:2, 6:1 hasabynda utdy. Ýarym finalda Swýontek Hytaýyň wekili Sin Wen Çženden utuldy. Olimpiýa oýunlarynda ýekelikde ýaryşyň finalyna çykan ilkinji aziýaly zenan bolan Çžen finalda horwatiýaly Donna Wekiç bilen duşuşar.

Dzýudo: 100 kg-den ýokary agram derejesinde erkekleriň arasynda geçirilen finalda karýerasynda dördünji iň ýokary derejeli Olimpiýa baýragyny fransiýaly Teddi Riner aldy.

Suwda ýüzmek: Erkekleriň arasynda 50 metre erkin usulda ýüzmekde Oýunlaryň ýeňijisi awstraliýaly Kameron Makewoý boldy. Erkekleriň arasynda 200 metre toplumlaýyn ýüzüşde nobatdaky Olimpiýa rekordy bilen fransiýaly Leon Marşan ýeňiji boldy (onuň üçin bu eýýäm öýündäki Olimpiadada dördünji altyn medaldyr). Zenanlaryň arasynda 200 metre arkanlygyna ýüzmekde altyn medaly Olimpiýa rekordy bilen awstraliýaly Keýli Makkioun aldy. Onuň üçin bu eýýäm bäşinji Olimpiýa altyn medalydyr.


düýn 10:38
2.6k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.4k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....