ABŞ-nyň polisiýa işgärleri reýd wagtynda robot itleri ulanar

  • 03.08.2024 12:31
  • 6.3k+

ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministrligi polisiýa reýdlerinde ulanmak üçin Neo robot itleriniň bir toparyny satyn aldy. Robotlar hukuk goraýjy edaralara interneti uzak aralykdan beklemäge we jenaýatçylar tarapyndan gurlan duzaklary hatardan çykarmaga kömek eder.

Ministrligiň hukuk goraýjy edaralarynyň federal okuw merkezleriniň müdiri Benjamin Haffman häzirki jenaýatçylaryň polisiýa garşy durmak üçin, köplenç, akylly enjamlary we zatlar internetini (IoT) ulanýandygyny aýtdy. Mysal üçin, ses buýruklaryny ulanmak arkaly çyralary öçürip, gapylary gulplap ýa-da subutnamalary ýok etjek partlaýjy serişdeleri işjeňleşdirip  bilerler.
Neo robot iti Wi-Fi-yň signalyny kesip we interneti uzakdan öçürip bilýän ösen antenna ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu robot aragatnaşygy kesenden soň, polisiýa işgärine binanyň içine arkaýyn girmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, Neo ses we wideo ýazgy edip biler, şeýle hem adamlar bilen aragatnaşyk saklap, ýesir alnanlara kömek edip we howply ýerden nädip gitmelidigini aýdyp biler.
Neo Amerikanyň Ghost Robotics kompaniýasynyň Quadruped Unmanned Ground Vehicle (Q-UGV) robotynyň üýtgedilen görnüşidir. Ol DoS hüjümlerini amala aşyrmak üçin ýörite kompýuter we enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, şeýle-de, ylgamak, basgançaklara çykmak we suwda ýöremek ýaly umumy işleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr.
Ministrlik 2021-nji ýylda Florida ştatynda bir jenaýatçynyň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýerleşýän ýerini yzarlamakda akylly kamerany ulanandygyny we netijede, munuň Federal aňtaw edarasynyň iki agentiniň heläk bolmagyna getirendigini ýatlatdy. Şondan bäri polisiýa işgärleri akylly enjamlardan abanýan howplary tanamak we gizlin IoT enjamlaryny tapmak boýunça tälim alýarlar. Hünärmenler Neo robot itleriniň ulanylmagy bilen geljekde polisiýa işgärleri üçin töwekgelçiligiň ep-esli azaljakdygyna ynanýarlar.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....