ABŞ-ly iki guwwas ummanda 40 sagatlap ýüzenlerinden soň, halas edildi

  • 02.08.2024 23:24
  • 10k+

Oklahomaly iki sany guwwas - Kim we Natan Meýker Tehasyň kenaryndaky ummanda 40 sagatlap ýüzenlerinden soň, halas edildi. Olaryň başdan geçirenleri barada Inside Edition neşirinde gürrüň berildi.

Bu waka Meksika aýlagynda guwwaslar ýoldaşlary bilen suwa çümende bolup geçýär. Güýçli tolkunly garaşylmadyk tupan bu iki guwwasy kenardan uzaklara äkidýär. Beýleki guwwaslar Kim bilen Natany gözläp, tapmanlaryndan soň alaçsyz gaýyklaryna dolanyp gelýärler we kenarýaka goragçylaryny çagyrmaga mejbur bolýarlar.

"Tolkunlar dynuwsyz yzly-yzyna gelýärdi" - diýip, Kim ýatlaýar. Guwwaslar  tolkunlar gelip uranda, gözlerine suw düşmez ýaly, maskalaryny aýyrman saklamaly diýen netijä gelýärler. Natan: "Şunça wagtlap suwuň aşagynda bolsaň, soňabaka doňup, titräp başlaýarsyň, şol sebäpli biz gyzmak üçin gysga aralyga çalasyn hereketler bilen eýläk-beýläk ýüzmegi makul bildik" – diýip, Natan gürrüň berdi.

Olaryň sözlerine görä, suw astynda ýakylýan elçyralary bolmadyk bolsa, belki-de  halas bolmak mümkin bolmazdy. Kenarýaka goragçylarynyň biri illýuminatordan  "çalt-çalt ýanyp-öçýän yşygy" görýär. "Bulutly howada görüş gaty pesdi, ýöne hernä, yşyk gözüme ildi" – diýip gürrüň berdi.
Kenarýaka goragçylary müňlerçe inedördül kilometr ummany öz içine alýan köpçülikleýin gözleg işini geçirdi. Kim bilen Natan muny gudrat hasaplaýarlar: “Bu ýigitleriň, hakykatdanam, Hudaýyň elidigine ynanýaryn. Muny nädip düşündirjegimi hem bilemok "- diýip, Natan halas edijilere öz minnetdarlygyny  bildirýär.


24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

16.04.2026 14:05
8.9k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

23.03.2026 07:22
6.5k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...

23.03.2026 05:25
4.6k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...