Mazda kompaniýasy logotipini üýtgetdi

  • 02.08.2024 12:38
  • 3.6k+

Mazda kompaniýasy awtoulaglarynyň logotipini täzeledi. Logotipiň täze wersiýasy haryt nyşanlarynyň ýapon web sahypasynda peýda boldy. Logotip öňküsinden çala üýtgedildi diýip, Drive.com ýazýar.

Täze logotip awtoulag pudagynyň häzirki tendensiýalaryny görkezýär. Bu logotip, kompaniýanyň 1920-nji ýylda “Toyo Cork Kogyo Co.” ady bilen döredilmeginden bäri, Mazdanyň 16-njy logotipidir.
Kompaniýa ilkinji awtoulaglaryny, 1931-nji ýylda Mazda-Go awtorikşasynyň çykmagy bilen öndürip başlady. Ilkinji resmi awtoulag hökmünde 1960-njy ýylyň maý aýynda Mazda R360 awtoulagy çykaryldy. Emma “Mazda” adyny kompaniýa 1984-nji ýylda tassyklady.
V şekilli ganatly logotip ilkinji gezek 1997-nji ýylda peýda boldy.
Mazda-nyň web sahypasynda berilýän maglumatlara görä, "V şekilli ganatlar" kompaniýanyň "güýçli we üznüksiz ösüşiniň" nyşanydyr.


04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

19.03.2026 04:19
2.5k+

Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy

Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy...

16.03.2026 09:53
2.7k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi...

18.01.2026 20:16
2.3k+

Mazda Ýewropada MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny bes etdi

Mazda Ýewropa bazarynda MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny resmi taýdan bes etdi. Awtoulagyň doly elektrik nusgasy satuwdan öň aýrylypdy. Indi bolsa iki ýyl mundan ozal hödürlenen rotor ýangyç generatorly nusgasy hem sebitden çykýar...