Google-yň täze funksiýalary: wideo jaňlary beýleki gurluşlara geçirmek we internete bilelikde girmek

  • 01.08.2024 11:27
  • 2k+

Google kompaniýasy Android gurluşlarynyň sinhronizasiýasy üçin iki sany täze funksiýa hödürledi. Olardan birinjisi Google Meet-den wideo jaňlary şol bir Google akkaunty bolan golaýda ýerleşýän gurluşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ikinji funksiýa, “internete bilelikde girmek”, Chromebook-y we Android gurluşlaryny ulanyjynyň smartfonyndaky internet ulgamyna awtomatiki birikdirýär.
3DNews portalynyň ýazmagyna görä, funksiýalaryň ikisi-de Android 11 we has täze OS-da işleýän, 24.28.34 we ondan ýokary wersiýaly Google hyzmatlary bolan gurluşlarda elýeterlidir. Häzirki wagtda olar beta-synag tapgyrynda we ähli ulanyjylar üçin kem-kemden giriziler. Wideo jaňlary geçirmek funksiýasy häzirlikçe diňe Google Meet-de işleýär, ýöne geljekde beýleki programmalara hem ýaýradylyp bilner. 


düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....