Asus ys berijili ilkinji noutbugy hödürledi – Adol Book 14 Air

  • 01.08.2024 11:09
  • 1.4k+

Asus kompaniýasy aromatizatorly dünýäde ilkinji 14 dýuýmlyk noutbuk Adol Book 14 Air-i hödürledi. Täze önüm Anna Sui parfýumeriýa brendi bilen hyzmatdaşlykda döredildi diýip, VideoCardz neşiri habar berýär.

Adol Book 14 Air noutbugy AMD Ryzen 8945H prosessory hem-de durulygy 2880x1800 piksel we täzelenme ýygylygy 240 Gs bolan 14 dýuýmlyk OLED paneli bilen üpjün edildi. Gurluşyň içinde 32 GB LPDDR5X-7500 operatiw ýady we 1 TB sygymly SSD bar. 75 Wt/sag akkumulýator 1080p formatda wideo görmek üçin noutbugy 14 sagada çenli ulanmaga mümkinçilik berýär.


Adol Book 14 Air-iň esasy aýratynlygy noutbugyň gapagynda ýerleşen ýörite aromatizatorlar dozatory boldy. Toplumda üç dürli ýakymly ys bolup, olary gapagyň magnit berkidilmesi netijesinde aňsatlyk bilen çalyşmak bolýar.
Anna Sui’s Wishing Elf atyryny (50 ml), stile laýyk ýerine ýetirilen torbany, ýörite syçanjygy we ýelmenýän şekilleri öz içine alýan toplumyň bahasy 7 müň ýuana ($970) barabar.

düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
847

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.7k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......