Çempionlar ligasy-2024/25-iň bije çekişiginde garşydaşlary ýörite programma kesgitlär

  • 31.07.2024 23:10
  • 6k+

UEFA resmi saýtynda Çempionlar ligasy 2024/25-iň bije çekişiginiň täze formatda geçiriljekdigini resmi taýdan habar berdi. Ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek 36 topar bir ligada oýnar we her topar dürli garşydaşlara garşy 8 oýun geçirer. Şunuň bilen baglylykda, bije çekişik ýörelgesi hem üýtgär: ony ýörite UEFA üçin işlenip düzülen kompýuter programmasy geçirer.

Programma toparlaryň haýsy oýunlary öýde, haýsylaryny myhmançylykda geçirjekdigini kesgitlär. Şeýle ulgam Ýewropa ligasynyň we Konferensiýalar ligasynyň bije çekişikleri üçin hem ulanylar.
Täze formata laýyklykda, Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna 8 sany iň gowy toparyň çykmagy kepillendirilýär. 9 – 24-nji orunlary eýelän toparlar 1/8 finala çykmak üçin goşmaça pleý-off tapgyryny geçirerler.
Häzirki wagtda esasy tapgyra gatnaşjak 29 topar belli, ýene 7 topar kwalifikasiýa arkaly saýlanar. Soňky saýlama pleý-off oýunlary 28-nji awgustda geçiriler.
Liganyň tapgyry üçin bije çekişik 29-njy awgustda Monte-Karlodaky “Grimaldi Forumede” meýilleşdirilýär.
Programma üpjünçiligini işläp düzmek işi 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri UEFA-nyň bije çekişigi geçirmek boýunça hyzmatdaşy bolan AE Live kompaniýasyna tabşyryldy. Programmany işläp taýýarlama we synagdan geçirme prosesi doly totänleýinligi we bije çekişigiň ähli düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin daşarky auditor Ernst & Young tarapyndan gözegçilikde saklandy.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......