Ýeriň ýaşaýjylary asmandan iki sany meteor akymyna syn edip bilerler

  • 31.07.2024 15:13
  • 2.2k+

Iýul aýynyň ahyryndan başlap we awgust aýynyň başynda asmanda bir wagtyň özünde iki sany meteor akymyny synlamak bolar diýip, Phys.org habar berýär.

Günorta delta-Akwaridalar meteor akymy 29-njy iýuldan 30-njy iýula geçilen  gijede iň ýokary derejesine ýetdi. Şol wagt Demirgazyk ýarym şaryň garaňky asmanynda sagatda 15-20 sany meteory görmek mümkin boldy. Bu akym 21-nji awgusta çenli dowam eder.
Şol bir wagtyň özünde, Günorta ýarym şarda ikinji bir meteor akymy – Alfa-Kaprikornidler görünýär. Ol sagatda, takmynan, bäş meteor çykarýar we 15-nji awgusta çenli dowam eder. Alfa-Kaprikornidleriň aýratynlygy – meteorlaryň ýagtylygy, bu olaryň asmanda has gowy görünmegine sebäp bolýar.
Meteor ýagyşlarynyň aglabasy kometalaryň galyndylaryndan emele gelýär. Alymlar Delta-Akwaridiň çeşmesi 96P / Maçhols kometasydyr, Alfa-Kaprikornidiň çeşmesi bolsa 169P / HEAT kometasydyr diýýärler.
Indiki uly meteor akymy awgust aýynyň ortalarynda iň ýokary derejä ýetjek Perseidler bolar.
Meteorlary synlamak üçin iň oňat şertler - ýarygijeden soň bulutsyz asmanda, batyp barýan Aýyň bary-ýogy 30%-i ýagty saçýan pursadynda bolar. Meteorlar gijesine şäher yşyklaryndan uzakda gowy görner we gijeki görşüňe zyýan ýetirmezlik üçin smartfon ulanylmasa gowy bolar.


15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.3k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...