Huawei Apple-i Hytaýyň smartfon bazaryndaky ilkinji 5-likden gysyp çykardy

  • 29.07.2024 15:23
  • 2.4k+

2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde Apple ornuny ýerli öndürijilere berip, Hytaýyň smartfon bazaryndaky ilkinji bäş öňdebaryjynyň sanawyndan çykdy diýip, Reuters habar berýär.

Canalys-yň seljerijileriniň berýän maglumatlaryna görä, Apple-iň paýy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2% azaldy we 14% boldy. Şol bir wagtyň özünde, Huawei-iň satuwy 41% ýokarlandy we kompaniýanyň bazardaky paýyny 15%-e ýetirdi.
Apple hem öz gezeginde smartfonlaryň satuwyny 6,7 % azaltdy we 9,7 million birlige ýetirdi.
Hünärmenler Huawei-iň üstünligini flagman Pura 70 smartfonlarynyň çykmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Ýerli brendler Hytaý bazarynda öňdebaryjylygy saklaýarlar: Vivo (19%), Oppo (16%), Honor (15%) we Xiaomi (14%). Soňkysynyň satuwy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 17% ýokarlandy (10 million birlige çenli).
TechInsights-iň çaklamagyna görä, Huawei-iň ýylyň ahyryna çenli 50 milliondan gowrak smartfony Hytaý bazaryna iberer we bu kompaniýany Hytaýdaky iň uly smartfon satyjysy edip, bazardaky paýyny 19 göterime çenli ýokarlandyrýar. Geçen ýyl kompaniýanyň paýy 12%-den geçmändi.


12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....