Lebron Jeýms Olimpiada gatnaşýan ilkinji milliarder

  • 28.07.2024 16:40
  • 8.5k+

Amerikaly basketbolçy Lebron Jeýms taryhda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan ilkinji milliarder bolar. Muny 39 ýaşly türgeniň baýlygyny 1 milliard dollar bilen bahalandyrýan “Forbes” neşiriniň maglumatlary delillendirýär.

“Los-Anjeles Leýkersde” çykyş edýän Jeýms dünýäniň iň köp hak alýan türgenleriniň sanawynda 119,5 mln dollar girdeji bilen dördünji orny eýeleýär. Nike, Kia, Walmart we beýleki kompaniýalar bilen şertnamalardan başga-da, Jeýms sport işine işjeň maýa goýýar.
Ýakynda ol “Liwerpul” futbol kluby, “Boston Red Soks” beýsbol kluby we “Pittsburg Pingwinz” hokkeý kluby ýaly abraýly sport klublaryna eýeçilik edýän Fenway Sports Group-da paýyny artdyrdy. 
Mundan başga-da, Jeýms repçi Dreýk we Golliwud aktýory Kris Pratt bilen bilelikde ABŞ-da we Demirgazyk Amerikada erkekleriň arasynda professional golf gezelençlerini gurnaýjy PGA Tour-a, takmynan, 3 milliard dollar maýa goýdy diýip, The New York Times neşiri ýazýar.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....