Bir köýnekçe üçin 13,3 mln dollar: sport predmetine täze rekord baha

  • 28.07.2024 16:37
  • 10k+

Meşhur amerikaly beýsbolçy Beýb Rutuň oýun köýnekçesiniň bahasy Heritage Auctions onlaýn auksionynda rekord 13,3 mln dollara ýetdi. Bu barada Frans Press habar berýär.

Köýnekçe Rutuň “Nýu-Ýork Ýankisde” çykyş eden döwrüne (1920-1934 ý.) degişli. 
Lot auksiona çykarylan sport predmetleriniň bahasy boýunça “Ýankisiň” başga bir beýsbolçysy Mikki Mantlyň kartoçkasyna degişli bolan öňki rekordy (12,6 mln dollar, 2022-nji ýylyň awgusty) täzeledi. Auksionda satylan iň gymmat sport formasy Maýkl Jordanyň maýkasydyr (10,1 mln dollar, 2022-nji ýylyň sentýabry), basketbolçy ony Milli basketbol assosiasiýasynyň (MBA) pleý-offunyň ahyrky tapgyrynyň birinji oýnunda geýdi. 
Auksion 24-nji awgusta çenli dowam eder. Bilermenleriň çaklamasy boýunça, Rutuň köýnekçesiniň bahasy 30 mln dollara ýetip biler.
Beýb Rut Esasy beýsbol ligasynyň ýedi gezek çempiony we sportuň bu görnüşinde iň beýik oýunçylaryň biridir.

düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
847

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.7k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......