Photoshop we Illustrator has akylly bolar: Adobe täze emeli aň gurallaryny hödürledi

  • 28.07.2024 16:32
  • 4k+

Adobe kompaniýasy Illustrator we Photoshop flagman önümleri üçin täzelenme çykaryp, olara emeli aňyň esasynda birnäçe funksiýalary goşdy. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berýär.

Illustrator-da hudožniklere tekst bellikleriniň esasynda wektor grafikasyny ulanmaga mümkinçilik berýän generatiw wektor guýma (заливка) peýda boldy. Şeýle-de, hakyky obýektlerde illýustrasiýalary wizuallaşdyrmak üçin Mockup funksiýasy, şekillerdäki şriftleri ýüze çykarmak  mümkinçiligi we fon döretmek üçin Text to Pattern goşuldy.
Photoshop gaýtalanýan ýumuşlaryň ýerine ýetirilişini aňsatlaşdyrýan Saýlama çotgasy we Korrektirleme çotgasy ýaly birnäçe täze funksiýalara eýe boldy. Şeýle-de, Tekst gurallary we kontekst ýumuşlar paneli kämilleşdirildi. Adobe Firefly programmasy täzelendi.
Diňe ýazylyşyk boýunça elýeterli bolan täze funksiýalar Adobe hyzmatlaryna birikmegi talap edýär. Kompaniýa bu innowasiýalaryň emeli aňyň kömegi bilen programmalary ösdürmek strategiýasynyň bir bölegidigini belleýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......