Eýranyň täze Prezidenti resmi taýdan wezipesine girişdi

  • 28.07.2024 14:04
  • 12k+

Eýranyň Beýik milli ruhy Lideri Aýatolla Ali Hamenei 28-nji iýulda Masud Pezeşkiany ýurduň täze prezidenti hökmünde resmi taýdan tassyklady diýip, Mehr agentligi habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, dabaranyň barşynda Eýranyň içeri işler ministri Ahmad Wahidi ýurtda nobatdan daşary prezident saýlawlarynyň geçirilişi barada resmi hasabaty okady we eýran halkyny saýlawlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Soňra Hamenei buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Pezeşkian resmi taýdan Eýranyň dokuzynjy prezidenti diýlip yglan edildi.
30-njy iýulda Pezeşkian Eýranyň Mejlisinde kasam kabul eder.
Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi wezipä girişmek dabarasyna Türkmenistandan wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow  gatnaşar.


24.03.2026 11:55
12k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi...

17.03.2026 15:58
7.7k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...

16.03.2026 14:48
10k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir...

11.03.2026 02:01
25k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Beýik Liderini gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aýatolla Seýed Mojtaba Hoseýni Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady...