«Galkynyş» gaz känindäki gaz guýularynyň buraw işleri üçin enjamlar we serişdeler satyn alnar

  • şu gün 10:22
  • 4681
«Galkynyş» gaz känindäki gaz guýularynyň buraw işleri üçin enjamlar we serişdeler satyn alnar

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygyny zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer B.Amanow anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Galkynyş” gaz käni türkmen tebigy gazyny goňşy we sebit döwletlerine bökdençsiz ibermekde çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynda önüm berýän gaz guýularynyň goşmaça guýularyny burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, olaryň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek zerur bolup durýar.
Serdar Berdimuhamedow «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça teklibi goldady hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


25.07.2024 12:08
2727

Raşid Meredow Pakistanyň nebit ministri bilen TOPH taslamasyny maslahatlaşdy

24-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň Federal nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar...

22.07.2024 12:57
3018

Türkmenistan we ADNOC gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

20-nji iýulda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory...

20.07.2024 12:40
9585

TNGIZT-niň golaýyndaky suwuklandyrylan gaz terminalynyň kuwwaty artdyrylýar

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükläp iberýän desgalarynyň kuwwaty artdyrylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada...

19.07.2024 14:45
6014

Türkiýe türkmen gazyny swap usuly arkaly ibermek boýunça tiz wagtda ylalaşyk gazanmaga bil baglaýar

Türkiýe ýakynda wagtda swap usuly arkly türkmen gazyny ibermek hakynda ylalaşyk gazanmagy meýilleşdirilýär diýip, Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Bloomberg agentligine beren...