HOK-nyň prezidenti Tomas Bah guramanyň agzalygyna gaýtadan saýlandy

  • 26.07.2024 10:51
  • 2.5k+

Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah guramanyň agzalygyna sekiz ýyl möhlet bilen gaýtadan saýlandy diýip, TASS habar berýär.

Bu karar Parižde geçirilýän HOK-yň 142-nji sessiýasynda kabul edildi. Bahyň gaýtadan saýlanmagyna 95 gatnaşyjynyň 93-üsi ses berdi, ikisi saklandy.
Bah 70 ýaşynda, ol ilkinji gezek 1991-nji ýylda HOK-yň agzasy saýlandy, 1996-njy ýylda guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine girdi. 2013-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Bah HOK-yň prezidenti saýlandy, 2021-nji ýylda dört ýyl möhlet bilen gaýtadan saýlandy. Bu möhlet Olimpiýa hartiýasynyň düzgüni boýunça onuň üçin iň soňky bolmaly.
Bah 1976-njy ýylyň rapirada gylyçlaşma boýunça topar ýaryşlarynda Olimpiýa çempionydyr.


03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.7k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...

23.02.2026 02:06
4.4k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi...

21.02.2026 10:38
1.9k+

Norwegiýa gyşky Olimpiadada altyn medal boýunça öz rekordyny täzeledi

Norwegiýanyň ýygyndy topary bir gyşky Olimpiadada gazanylan altyn medallaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Milan we Kortina şäherlerinde geçirilýän Gyşky oýunlarda bu ýurduň türgenleri iň ýokary derejeli baýraklaryň 17-sini eýelediler...