Täze Honda Odyssey 2025 miniweni hödürlendi

  • 25.07.2024 14:10
  • 7.7k+

Honda 2025-nji model ýylynyň täzelenen Odyssey miniwenini hödürledi. Awtoulag birnäçe dizaýn üýtgeşmelerini, häzirki zaman tehnologiýalaryny we täzelenen içki bezegi aldy diýip, Motor1 ýazýar. 

Daşky üýtgeşmeler: radiatoryň gara reňkdäki gözenegi, ulaldylan faralar we Acura NSX-den alnan dik reflektorly täze arka bamper. Awtoulag Solar Silver Metallic we Smoke Blue Pearl reňklerde elýeterlidir. Odyssey Elite flagman modeli 19 dýuýmlyk diskleri aldy.
Awtoulagyň salonynda ýedi dýuýmlyk sanly gural paneli, şeýle hem has güýçli prosessorly täzelenen 9 dýuýmlyk sensorly ekran bar. Android Auto-nyň we Apple CarPlay-iň simsiz birikme mümkinçiligi, şeýle hem has köp USB-C portlary goşuldy.


Awtoulag tehniki taýdan öňküligine galýar: 280 at güýjüni öndürýän 3,5 litrlik V-6 we 10 basgançakly awtomatiki geçiriji.
Odyssey 2025-iň esasy wersiýasynyň bahasy 43 315 dollardan başlap, iň ýokary Elite wersiýasy 52 275 dollara ýetýär. ABŞ-da awtoulagyň satuwy 23-nji iýulda başlady.


12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......