Türkmenistan sportda dopinge garşy göreş kanunçylygyny kämilleşdirýär

  • 25.07.2024 13:40
  • 5k+

Ýakynda «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizildi. Resminamanyň doly görnüşi "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşirinde çap edildi.

Resminama laýyklykda, bedenterbiýe we sport guramalarydoping, doping gözegçiligi, Gadagan edilen sanaw, gadagan edilen madda, gadagan edilen usul, testirlemegiň bellige alynýan bileleşigi, KAS, Kodeks, dopinge garşy milli gurama, nusgalyk, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar, testirleme, Türkmenistanyň Dopinge garşy göreş barada milli agentligi, türgen, türgeniň personaly, Bütindünýä dopinge garşy agentlik, Halkara standarty, doping gözegçiliginiň ygtyýarly toparlary, ýaryş, ýaryş döwri, ýaryşdan daşary döwür, ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýasy ýaly Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeleriň aňladýan manylary getirilýär.
Kanunyň 3-nji maddasynyň 7-nji bendi şu görnüşde beýan edilýär:
«7) terapewtik taýdan peýdalanmaga rugsat berilmeginiň esasynda peýdalanmakdan başga halatlarda türgenler tarapyndan ulanylmagyny çäklendirmek maksady bilen, sportda peýdalanylmagy gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň elýeterliliginiň öňüniň alynmagy we onuň çäklendirilmegi boýunça çäreleriň görülmegi. Olaryň hataryna gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň türgenleriň arasynda ýaýradylmagyna garşy göreş çäreleri we degişlilikde olaryň öndürilmegine, geçirilmegine, getirilmegine, ýaýradylmagyna we satuwyna gözegçilik etmek boýunça çäreleriň görülmegi girýär;».
Şeýle hem Kanunda 
Barlagyň netijesi oňyn bolmadyk halatynda türgeniň hukuklary düşündirilýär:
Barlagyň netijesi oňyn bolmadyk halatynda türgeniň ýa-da onuň wekiliniň şulara hukugy bardyr:
1) «B» nusgalygynyň barlagynyň geçirilmegini talap etmäge;
2) gaýragoýmazdan düşündiriş bermäge;
3) eger zerur bolsa, «B» nusgalygynyň gaýtadan barlagynda bolmagyna;
4) «A» nusgalygynyň barlagynyň netijeleri boýunça barlaghanalar üçin Halkara standartynda göz öňünde tutulan maglumatlary saklaýan resminamalaryň göçürmesini almaga;
5) TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda öz wagtynda, adalatly we tarapgöýsüz diňlenilmäge;
6) Halkara dopinge garşy topara TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda, birinji basgançakly guramanyň çözgüdine şikaýat etmäge.»;


14.05.2026 15:38
2.2k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....