Bruneýiň soltany üçin döredilen özboluşly Lamborghini LM002 auksionda satylýar

  • 25.07.2024 12:45
  • 11k+

Bruneýiň soltany Hassanal Bolkiah tarapyndan sargyt edilen özboluşly Lamborghini LM002, SBX Cars onlaýn platformasynda auksiona çykaryldy. Bu ulagyň özboluşly aýratynlygy, 1989-njy ýylda italýan kuzow atelýesi Carrozzeria Diomante tarapyndan işlenip düzülen bäş gapyly kuzowydyr.

 

Adaty Lamborghini LM002 dört gapyly pikap hökmünde öndürildi. Gapylaryň sanynyň köpeldilmeginden başga-da, awtoulag beýgeldilen üçek, goşmaça oturgyçlar, stereoulgam, telewizor we täzelenen interýer aldy.
Satyjynyň aýtmagyna görä, Lamborghini LM002-niň diňe üç sanysy üýtgeşme aldy. Bu görnüş bolsa, kompaniýanyň özi tarapyndan tassyklanan ýeke-täk görnüş hasaplanýar. Awtoulagyň kuwwatlylygy üýtgewsiz galýar - Lamborghini Countach-dan bolan 450 at güýjüni öndürýän 5.2 litrlik V12.

Ilkinji eýesi bu awtoulagda 1,7 müň km-den gowrak geçdi. Awtoulagyň ondan soňky eýeleriň arasynda BMW we Volkswagen AG-niň öňki başlygy Bernd Pişetsrideriň ady agzalýar.


16.05.2026 18:14
4.2k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.5k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

11.03.2026 17:18
2.6k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...