“Real” taryhda möwsümdäki girdejisini 1 mlrd ýewrodan geçiren ilkinji futbol kluby boldy

  • 25.07.2024 00:19
  • 10k+

Madridiň “Realy” möwsümdäki girdejisi 1 mlrd ýewrodan geçen taryhda ilkinji futbol kluby boldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

Maglumatlara görä, 2023/24-möwsüminde “Patyşalyk kluby” 1,073 mlrd ýewro gazandy. 2022/2023-möwsüminde klubuň girdejisi 843 mln ýewro boldy.
Ýatlap geçsek, geçen möwsümiň jemi boýunça ispan topary Çempionlar ligasynda we La Ligada ýeňiji boldy. Ýewropanyň esasy klub ýaryşynyň finalynda “Real” Dortmundyň “Borussiýasyny” 2:0 hasabynda utdy. Gol bilen sag goragçy Daniel Karwahal we hüjümçi Winisius Žunior tapawutlandy. Ispaniýanyň çempionatynda klub 95 utuk gazanyp, birinji orny eýeledi.


düýn 00:22
3.3k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

21.04.2026 14:50
4.1k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

20.04.2026 15:24
8.3k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......

19.04.2026 15:02
4.6k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....