XXI asyryň iň gowy futbolçylarynyň sanawy: Messi – birinji, Ronaldu – ikinji

  • 24.07.2024 23:38
  • 16k+

Häzirki wagtda “Inter Maýamide” çykyş edýän “Barselonanyň” öňki hüjümçisi Lionel Messi ESPN sport neşiri tarapyndan XXI asyryň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy.

Bu reýtingde ikinji orny “Al-Nasr” saud klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýeledi, iň gowularyň üçlügini “Barselonanyň” we “Arsenalyň” öňki oýunçysy Týerri Anri jemledi. Sanawyň dördünji ornunda fransiýaly Zinedin Zidan, bäşinji ornunda horwatiýaly Luka Modriç ýerleşýär.
Ýatlap geçsek, Messi MLS-de çykyş edýän “Inter Maýami” klubuna 2023-nji ýylyň tomsunda geçdi. Geçen ýylyň 20-nji awgustynda argentinaly Amerikada ilkinji kubogyny – Liganyň Kubogyny gazandy.
Häzirki möwsümde Messi MLS-de 12 oýna gatnaşyp, 12 gol geçirdi.
Öň, ESPN XXI asyryň iň gowy türgenini saýlady. Ol amerikaly suwda ýüzüji, Olimpiýa oýunlarynyň 23 gezek çempiony Maýkl Felps boldy. Bu sanawda Messi üçünji orny eýeledi.


düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......