Türkmenistandan Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça U20-de Aziýanyň çempiony boldy

  • 24.07.2024 13:06
  • 15k+

Tailandyň Si-Raça şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky geçirilen Erkin göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmenistanly türgen Alp Arslan Begenjow altyn medala mynasyp boldy. Bu barada Turkmenportal habar berýär.

Ýaryş düşekçesine 79 kilograma çenli agram derejesinde çykan türkmen pälwany bu üstünligini dünýäniň dürli döwletlerine wekilçilik edýän 11 sany agramdaşynyň arasynda gazandy.
Altyn medala barýan ýolda Alp Arslan şu garşydaşlaryndan üstün çykdy:

  • saýlama tutluşykda - ýaponiýaly Şunsuke Mizusakini 12:2;
  • çärýek finalda - gyrgyzystanly Ramazan Iskenderowy 10:0;
  • ýarym finalda - gazagystanly Ýerhan Beksultanowy 6:0;
  • finalda - eýranly Majid Bageri Heýrabady 10:0 hasabynda ýeňdi.

Şu agram derejäniň bürünç medallaryna hindistanly Amitu Amitu bilen gazagystanly Ýerhan Beksultanow mynasyp boldy.
Bu ýeňiş Alp Arslan Begenjowyň iýul aýynyň dowamynda gazanan ikinji halkara üstünligidir. Ol şu aýda Amman şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda hem bürünç medal eýeläpdi.
Alp Arslan 18 ýaşyny 8-nji awgustda doldurar. Heniz juda ýaşdygyna garamazdan, ol birnäçe halkara ýaryşlaryň ýeňijisidir. 2022-nji we 2023-nji ýyllarda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Rumyniýada geçirilen «Constantin Alexandru & Ioan W. Popovici» atly halkara derejeli ýaryşyň altyn medallaryna iki gezek mynasyp bolan ezber erkin göreşçi mundan iki ýyl ozal 65 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda hem Aziýanyň çempiony bolmagy başarypdy. Geçen ýyl bolsa ol şol ýaryşa 71 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşyp, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.


14.05.2026 15:38
2.2k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....