Tesla 2025-nji ýylda Optimus gumanoid robotlarynyň “ownuk tapgyrlaýyn” önümçiligine başlar

  • 24.07.2024 12:33
  • 2.7k+

Tesla kompaniýasy Optimus gumanoid robotlarynyň önümçiligini 2025-nji ýyla çenli yza süýşürdi diýip, IXBT habar berýär.

Kompaniýanyň baş müdiri Ilon Maskyň aýtmagyna görä, ilkibaşda önümçilik “ownuk tapgyrlaýyn” bolar, ýagny robotlar diňe içerki ulanylyş üçin çykarylar, 2026-njy ýylda bolsa beýleki kompaniýalara ibermek üçin köpçülikleýin önümçilige başlamak göz öňünde tutulýar.
Aprel aýynda Mask Optimusyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli zawod işlerini ýerine ýetirip biljekdigini we 2025-nji ýylyň ahyryna çenli satuwa çykarmak üçin taýýar boljakdygyny aýdypdy. Onuň sözlerine görä, Optimus eýýäm barlaghana işlerini ýerine ýetirýär, ýylyň ahyryna çenli bolsa Tesla zawodlarynda işläp başlar.
Milliarder Optimus taslamasynyň Tesla-nyň uzak möhletleýin bahasynyň we girdejisiniň esasy faktory boljakdygyna, Optimus robotlarynyň bolsa geljekde awtomobiller ýaly giňden ýaýrajakdygyna ynam bildirýär.


02.03.2026 23:27
1.4k+

Tesla Cybertruck-da sesi basmak ulgamyny işjeňleşdirýär

Tesla kompaniýasy Cybertruck elektrik pikaplarynda uzakdan işleýän programma üpjünçiliginiň täzelenmegi arkaly işjeň ses ýatyryş ulgamyny (ANC) işe girizer. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda we öndürijiniň hyzmat resminamalarynda täzelenen enjamlaryň sanawynda yglan edildi...

03.02.2026 12:23
2.3k+

Ilon Mask öz-özüni okatmaga ukyply «Optimus» robotlarynyň täze neslini tanyşdyrdy

Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask adam şekilli Optimus robotynyň üçünji nesliniň ýakyn wagtda tanyşdyryljakdygyny habar berdi. Bu barada Tesla kompaniýasynyň «Weibo» durmuş ulgamyndaky resmi sahypasynda mälim edildi...

21.01.2026 18:58
3.4k+

Tesla zawodlarda eýýäm 1000 töweregi Optimus gumanoid robotlaryny ulanýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky we Frimontdaky zawodlarynda eýýäm bir müň töweregi adam şekilli Optimus robotlaryny ulanýar. Olar ýükleri daşamaga, akkumulýator öýjüklerini tertiplemäge we batareýalary ýygnamaga kömek edýär...

02.01.2026 12:30
5.3k+

Tesla ýöreýşi "adamyňka" has meňzeýän täze Optimus robotyny tanyşdyrdy

Tesla kompaniýasy adamsypat (gumanoid) roboty bolan Optimus-yň täzelenen görnüşini görkezýän gysga wideony çykardy. Robot indi laboratoriýa şertlerinde has ynamly hereket edýär we adamyňka meňzeş deňagramlylygyň hem-de sazlaşykly hereketleriň kämilleşendigini görkezýär...