ABŞ-da polisiýa awtoulaglarynyň arasynda gözellik bäsleşigi yglan edildi

  • 24.07.2024 12:09
  • 12k+

Amerikanyň AAST patrul gulluklary assosiasiýasy polisiýa awtoulaglarynyň arasynda gözellik bäsleşigini yglan etdi. Onlaýn ses berişlikde gatnaşyjylar her ştatdan bir-birden gelen 49 dalaşgärden iň täsirli 13 awtoulagy saýlap bilerler.

Bäsleşikde Ford Mustang we Chevrolet Camaro sport awtoulaglaryndan başlap, Ford Explorer we Dodge Durango krossowerlerine çenli, dürli görnüşdäki kuzowly we kysymly awtoulaglar, şeýle hem, Ford F-150 we Chevrolet Silverado kysymly wnedorožnikler we pikaplar bar. Massaçusetsden Mustang Mach-E elektrik awtoulagy ýaryşa girdi.

Ulaglaryň suratlary ştatyň aýratynlyklaryny görkezmelidir. Mysal üçin, Alýaskadan gelen suratda aýazly gyş düşürilipdir, Floridanyň polisiýa işgärleri Kennedi Kosmos merkeziniň öňünde surata düşüpdirler, Nebraskanyň patruly bolsa - tornadonyň öňünde.

Bäsleşigiň ýeňijileri AAST diwar senenamasynda görkeziler.


13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......