Maradonanyň DÇ-1986-nyň ýarym finalyndaky köýnekçesi auksiona çykaryldy

  • 23.07.2024 23:29
  • 11k+

Argentinaly Diego Maradonanyň 1986-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýarym final oýnundaky köýnekçesi auksiona çykaryldy. Bu barada Sotheby’s auksionynyň saýtynda habar berilýär.

Şol oýunda Argentinanyň milli ýygyndysy Maradonanyň iki goly bilen belgiýalylary utup (2:0), finala çykdy. Oýundan soň argentinaly hüjümçi bilen Belgiýa toparynyň derwezebany Žan-Mari Praff köýnekçelerini çalyşdylar. Şondan bäri Maradonanyň köýnekçesi derwezebanyň elinde saklandy. Aýgytly oýunda argentinalylar germaniýalylary utup (3:2), ikinji gezek dünýä çempiony boldular.
Maradonanyň köýnekçesi satyljak auksion 2-nji awgustda tamamlanar. Lotuň başlangyç bahasy 700 müň dollar. Auksion öýüniň hasaby boýunça, köýnekçäniň bahasy 800 müň – 1,2 million dollar aralygynda bolar.
Ýatlap geçsek, Maradona 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykdy. Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) resmi saýtynda geçirilen ses berişligiň netijesi boýunça, ony XX asyryň iň gowy futbolçysy diýip ykrar etdi.


düýn 07:28
7.2k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

22.05.2026 14:33
6.2k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......