Hindistan 2036-njy ýylda Olimpiýa oýunlaryny geçirmek babatda gepleşiklere başlady

  • 23.07.2024 19:11
  • 4.7k+

Hindistanyň hökümeti Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) bilen 2036-njy ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny Delide geçirmek mümkinçiligi barada gepleşikleriň başlandygyny resmi taýdan tassyklady diýip, TASS habar berýär.

Ýaşlar we sport işleri ministri Mansukh Mandawiýa Mejlise Hindistanyň Olimpiýa Assosiasiýasynyň Olimpiýa oýunlarynyň geljekki ýer eýeleri bolmagy barada Halkara olimpiýa komiteti bilen gepleşiklere başlandygyny aýtdy.
Premýer-ministr Narendra Modi Olimpiýa oýunlarynyň ýer eýesi bolmak baradaky  meýilnamasyny 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda yglan edipdi. Ol Hindistan Oýunlary iň ýokary derejede guramak üçin ähli tagallalary eder diýip nygtady.
Eger Deliniň teklibi tassyklansa, 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlary Hindistanda geçiriljek şeýle giň möçberli çäräniň ilkinjisi bolar.
Hindistandan başga-da, 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin Meksika, Indoneziýa we Polşa hem öz tekliplerini hödürledi.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

19.04.2026 18:54
1.7k+

Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy

Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....