ASUS güýçli prosessorly noutbuk-transformer hödürledi

  • 23.07.2024 12:27
  • 2.5k+

ASUS kompaniýasy täze ProArt 13 2024 noutbuk-transformerini hödürledi diýip, Mail.ru habar berýär.

Enjam 2,8K ölçegdäki 13 dýuýmlyk OLED sensor ekrany we ASUS Pen goldawy bilen enjamlaşdyrylandyr. 360 gradus aýlanýan ekran, ProArt 13 2024-i noutbuk ýa-da planşet hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.
Noutbuk Zen 5 ýadrosy we Radeon 880M grafikasy bolan AMD Ryzen 9 HX 370 prosessorynyň, şeýle hem NVIDIA GeForce RTX 4060 aýratyn wideokartasynyň kömegi bilen güýçli öndürijilik berýär. Şeýle hem ol 32Gb operatiw ýady we 1TB maglumat ýygnaýjy bilen üpjün edilendir.


ProArt 13 2024 inçe we ýeňil korpusy, 15,8 mm galyňlygy we 1,38 kg agramy bilen tapawutlanýar. ASUS Glacier Pro sowadyş ulgamynda bolsa, iki wentilýator, dört ýylylyk turbasy we suwukmetal termopastasy bar.
Noutbuk 1080p kamera we ýüzi tanamak funksiýasy, şeýle hem giň portlar: 2xUSB-C 4, USB-A 3.2 Gen 2, HDMI 2.1, 3,5 mm ses çykaryjy we a microSD ýat kartalary üçin ýer bilen enjamlaşdyrylandyr.
ASUS ProArt 13 2024 28-nji iýulda 14,999 ýuana (takmynan 2060 dollar) satuwa çykarylar.

düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
847

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.7k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......