Wiza almaklyk resminamalaryňy terjime etdirmekden başlanýar – “Paýhas açary”

  • 22.07.2024 14:31
  • 16k+

Tehniki, ýuridiki terjime, lukmançylyk tekstleriniň, şahsy resminamalaryň terjimesi, wiza almak üçin resminamalaryň terjimesi... «Paýhas açary» terjime merkezi islendik mowzukdaky tekstleriň kepillikli terjime hyzmatyny hödürleýär.
Haçan-da Siz talyp, syýahatçy hökmünde, aýratyn hem raýatlyk almak ýa-da durmuşa çykmak maksady bilen daşary ýurda gitmekçi bolanyňyzda wiza almak işi resminamalaryňyzy terjime etdirmekden başlanýar.
Ilçihanada, konsullykda ýa-da wiza merkezinde Size resminamalaryňyzy tabşyrmak üçin wagt bellänlerinden soňra, Size resminamalaryňyzy terjime etdirmek gerek bolar. Köplenç halatda resminamalaryň iberilýän   ýurdunyň diline däl-de, iňlis diline terjime etdirmek hem ýeterlik bolup biler.
«Paýhas açary» terjime merkezi daşary ýurt dilinde sowalnamalary (anketa) doldurmak, wiza üçin resminamalary terjime etmek hem-de wiza berýän edaranyň talap edýän şahsy resminamalaryny terjime merkeziniň möhüri bilen kepillendirmek hyzmatlaryny hödürleýär.
Şeýle hem “Paýhas açary” ýazmaça terjimelerden başga-da, konsullyk edaralarynda, daşary ýurt raýatlary üçin notarial edaralarynda resminamalary resmileşdirmekde söhbetdeşlik geçilende dilüsti terjime hyzmatyny hem hödürleýär. “Paýhas açary” Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy üçin bu ugurdan hyzmatlary hödürleýän Türkmenistanda ýeke-täk ygtyýarlandyrylan merkez bolup durýar.
«Paýhas açary» terjime merkeziniň terjimeleri ähli döwlet edaralary we ilçihanalary, şol sanda ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň,  Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň we beýlеki döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan kabul edilýär. Terjime merkezi Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen bir binada ýerleşendigi üçin, Hindistanyň ilçihanasy üçin terjimeleri gysga möhletde ýerine ýetirip berýär.
Türkmenistanda ençeme ýyldan bäri terjimeçilik işini alyp barýan «Paýhas açary» kompaniýasy geçen döwürde dürli ugurdaky we çylşyrymlylykdaky ýüzlerçe teksti terjime etdi. Kompaniýa terjimeçilik hyzmatlaryny şahsy taraplara, kiçi we orta kompaniýalara bolşy ýaly, dünýä belli iri kompaniýalara hem hödürläp gelýär.
Habarlaşmak üçin:
+99361 76-44-40;
+99361 78-44-40

E-mail: payhasachary1@gmail.com;
payhas_achary@mail.ru

Salgysy: Aşgabat ş., Parahat 2/1, Ýunus Emre köçesi 1, “Imperial” Halkara işewürlik merkezi


12.05.2026 15:08
4.5k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.6k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.5k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....