Piastri “Formula-1-de” ilkinji ýeňşini gazandy, Hemilton 200-nji gezek münbere çykdy

  • 22.07.2024 13:02
  • 3.3k+

Awstraliýaly ýaryşa gatnaşyjy Oskar Piastri 21-nji iýulda Modýorodda geçen Wengriýanyň Gran-prisinde “Formula-1-däki” karýerasynda ilkinji ýeňşini gazandy.

Ikinji pit-stopdan soň Piastri öňdebaryjylygy Lando Norrise berdi. Radio arkaly gepleşiklerde Norrise Piastrini öňe geçirmek tabşyryldy, muňa britaniýaly birbada seslenmedi, ýöne soň haýallap, ýeňşi awstraliýala berdi.

“Aýratyn duýgy. Men muny çagalykdan bäri arzuw edipdim. Hawa, soňy birneme kyn boldy, ýöne başda ähli zat gowy geçdi. Topara ajaýyp awtoulagy, bu pursaty, özüňi “Formula-1-de” görkezmek mümkinçiligi üçin minnetdar. Bu topar bilen ýeňiş gazanmak – ajaýyp duýgy” diýip, Piastri ýaryşdan soň öz duýgulary bilen paýlaşdy.

Üçünji orny eýelän Lýuis Hemilton karýerasynda 200-nji gezek münbere çykyp, taryhy rekordy goýdy. “Mersedesiň” britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy “Patyşalyk ýaryşlarynda” bu görkeziji boýunça absolýut rekord eýesidir. Bu görkeziji boýunça ikinji orny karýerasynda 155 ýaryşda münbere çykan germaniýaly Mihael Şumaher eýeleýär.
Ýaryşyň esli böleginde üçünji ýerde saklanan Maks Werstappen Hemilton bilen çaknyşandan soň, pellehana bäşinji bolup geldi.

Wengriýanyň Gran-prisi ýaryşynyň netijeleri:

  1. Oskar Piastri (“Maklaren”) – 70 aýlaw.
  2. Lando Norris (“Maklaren”) +2,1 sek.
  3. Lýuis Hemilton (“Mersedes”) +14,9.
  4. Şarl Lekler (“Ferrari”) +19,7.
  5. Maks Werstappen (“Red Bull”) +21,3.

19.06.2026 19:42
1.4k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....