2024-nji ýylyň iň meşhur emojisi saýlandy. Birinji orunda – “ereýän ýüz” 🫠

  • 20.07.2024 23:04
  • 5.8k+

Emojipedia portaly 17-nji iýulda bütin dünýäde bellenilen Bütindünýä emoji gününe bagyşlap, World Emoji Awards baýragynyň netijesini jemledi. 2024-nji ýylda X sosial ulgamyny ulanyjylaryň arasynda iň meşhur smaýlik  “ereýän ýüz”  boldy diýip, RBK habar berýär.

Ýeňiji pleý-off usuly bilen saýlandy. Ahyrky tapgyrda “ereýän ýüz” ses sany boýunça “gözýaşlaryny saklaýan ýüzden”  öňe geçdi. Ses berişligi gurnaýjylar şeýle tutluşygyň 2022-nji ýylda hem bolandygyny bellediler. 2023-nji ýylda bolsa bu emoji adaty gülgüne ýürekden  has meşhur boldy. Şeýlelikde, “ereýän ýüz” yzygider üçünji ýyl ýeňiji boldy.

Şu ýyl “Lifetime Achievement Award” nominasiýasynda hormatly baýragy “ýalpyldylar” emojisi  aldy. Bu baýrak bilen meşhur bolmagyny dowam edýän emojiler tapawutlandyrylýar. Şeýle-de, “ýalpyldylar” 2015-nji ýyldan bäri her ýyl dünýäde iň köp ulanylýan emojileriň onlugyna girýändigi bilen hem tapawutlandy, ýakynda bolsa ol emeli aňyň “jadysyny” aňladýan esasy nyşan hökmünde kabul edildi diýip, Emojipedia belleýär.

Iň meşhur täze emoji “kellesini keseligine ýaýkaýan ýüz”  boldy. Ikinji orny “kellesini dikligine ýaýkaýan ýüz” , üçünji orny “Feniks guşy”  eýeledi. Ilkinji bäşligi “laým”  we “ýolnan zynjyr”  jemledi. Olaryň ählisi 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Emoji 15.1 täzelenmesi bilen goşuldy.

düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
847

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.7k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......