HOK we Panini Olimpiada-2024 üçin kolleksiýa albomlaryny çykarar

  • 20.07.2024 12:11
  • 2.7k+

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) we Italiýanyň Panini kompaniýasy ýene birnäçe günden Parižde badalga aljak Oýunlara bagyşlap, Olimpiýa türgenleriniň suratlary bolan kartoçkalar bilen kolleksiýa albomlarynyň çykarylýandygyny habar berdiler.

Ýelmenýän suratlar bilen fiziki albomlar Russiýadan, ABŞ-da, Belarusdan we Hytaýdan başga dünýäniň ähli ýurtlarynda elýeterli bolar. Albomyň sanly görnüşi diňe Fransiýadaky ulanyjylar üçin elýeterli bolar.
“Pariž-2024” kolleksiýasy kartoçkalar toplumyny, otkrytkalary, türgenleriň suratlary bilen albomy, Olimpiýa oýunlarynyň nyşanlaryny we piktogrammalaryny hödürleýän web-sahypalary we ykjam goşundylary öz içine alýar.
Goşundyda eksklýuziw mazmunlara elýeterlilik berýän kart bukjasyny satyn almak bolýar, ýörite altyn kartlary bolsa Olimpiýa türgenleri bilen wirtual sorag-jogap gatnaşygy ýaly özboluşly baýraklara çalyşmak bolýar.
Albomyň prewýusynda birnäçe türgen, şol sanda dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner şekillendirilen.


06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.8k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...