The Weeknd täze albomynyň treýlerini çykardy: bu trilogiýanyň soňky bölümi

  • 20.07.2024 08:57
  • 2k+

Kanadaly aýdymçy The Weeknd “After Hours” we “Dawn FM” trilogiýasynyň soňky bölümi boljak täze albomynyň treýlerini hödürledi.

Wideoda sazandanyň öňki albomlaryndan alnan obrazlary, şol sanda“Blinding Lights” aýdymyndan gyzyl kostýum we Günden goraýjy äýnek, “Gasoline-den” garry we “After Hours Til the Dawn” syýahatyndan personažlar görkezilýär.
Wideonyň ahyrynda The Weeknd çaganyň obrazynda peýda bolýar we oňa ýagtylyk düşüp, “Bu hekaýada üç bölüm bar” diýen ýazgy peýda bolýar.
Täze albomyň ady heniz gizlin saklanýar.
Treýler çykmazdan öň, The Weeknd Braziliýadaky konsertini anons etdi. Ol 7-nji sentýabrda San-Pauluda geçiriler.
The Weeknd taryhda ýedi brilliant şahadatnamasyna eýe bolan üçünji artistdir. Bu baýrak aýdymlary 10 mln nusgada satylan ýerine ýetirijilere berilýär. 

düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
847

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.7k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......