Lew Ýaşin ähli döwürleriň iň gowy derwezebany boldy

  • 20.07.2024 12:06
  • 10k+

FourFourTwo neşiri Lew Ýaşini futbol taryhynda iň gowy derwezeban diýip ykrar etdi. Neşir öz saýtynda 32 derwezebandan ybarat reýtingi hödürledi. Ýaşinden başga-da, ilkinji bäşlikde Manuel Noýer (Germaniýa), Gordon Benks (Angliýa), Iker Kasilýas, Rikardo Samora (ikisi-de Ispaniýa) bar.

Ilkinji onlugy Zepp Maýer, Janluiji Buffon, Petr Çeh, Peter Şmeýhel we Dino Dzoff jemleýär.
Lew Ýaşin 1963-nji ýylda “Altyn top” alan ilkinji derwezeban boldy. Ol 1958, 1962, 1966 we 1970-nji ýyllaryň dünýä çempionatlaryna gatnaşdy. 1956-njy ýylda SSSR-iň düzüminde Melburndaky Oýunlaryň Olimpiýa çempiony boldy. 1960-njy ýylda Ýaşin bilen milli topar finalda Ýugoslawiýa toparyny utup, Ýewropa çempiony boldy, dört ýyldan soň kümüş medal aldy.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......