Ýüzüji Felps ESPN tarapyndan XXI asyryň iň gowy türgeni diýlip saýlandy. Messi ilkinji üçlüge girýär

  • 19.07.2024 22:52
  • 12k+

Amerikaly ýüzüji, Olimpiýa oýunlarynyň 23 gezek çempiony Maýkl Felps ESPN-niň wersiýasy boýunça XXI asyryň iň gowy türgeni diýlip ykrar edildi. Bu barada "Çempionat" sport portaly habar berdi.

Media kompaniýasy ikinji ýerde amerikaly tennisçi Serena Uillýamsy goýdy. Argentinanyň futbolçysy Lionel Messi ilkinji üçlügi jemleýär.
Sanawa biziň döwrümiziň iň gowy 100 türgeni girýär.
Ilkinji 10-luk:

  1. Maýkl Felps (suwda ýüzmek).
  2. Serena Uillýams (tennis).
  3. Lionel Messi (futbol).
  4. Lebron Jeýms (basketbol).
  5. Tom Bredi (NFL-iň futbolçysy)
  6. Rojer Federer (tennis).
  7. Simona Baýlz (sport gimnastikasy).
  8. Taýger Wuds (golf).
  9. Useýn Bolt (ýeňil atletika).
  10. Kobi Braýant (basketbol).

Sanaw düzülende neşiriň dünýädäki şahamçalary öz dalaşgärlerini hödürlediler, soň belli sport ýyldyzlary üçin takmynan 70 müň ses alyndy.


şu gün 13:40
3.7k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.9k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......