Huawei ýylyň ahyryna çenli Windows-yň ornuny tutjak operasion ulgamyny çykarar

  • 19.07.2024 15:48
  • 2.8k+

Huawei kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyrynda Windows-a alternatiwa boljak PK üçin hususy operasion ulgamyny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada insaýderleriň we pudak analitikleriniň maglumatlaryna salgylanyp, Tom’s Hardware portaly habar berýär.

Huawei-niň saýtynda ýerleşdirilen suratlardan görnüşi ýaly, kompaniýa HarmonyOS Next operasion ulgamyny kompýuterlerde ulanmak üçin işjeň uýgunlaşdyrýar. HarmonyOS Next-iň interfeýsi, şol sanda ýagdaý setiri, dok-stansiýa we penjiräni dolandyryş düwmeleri Apple-iň macOS-yna meňzeýär.
HarmonyOS mobil operasion ulgamy 2019-njy ýylda amerikan sanksiýalaryna jogap hökmünde işlenip düzüldi. Täze wersiýa HarmonyOS Next kompýuterlerden başga-da, Huawei-niň beýleki gajetlerinde hem işlär.
HarmonyOS Next-iň tapawutly aýratynlygy AOSP kitaphanalaryndan we Android programmalaryndan doly garaşsyzlyk bolar. Sistema .apk faýllary işletmez.
Häzirlikçe HarmonyOS Next-iň Hytaýdan daşary elýeterli boljakdygy ýa-da ýokdugy belli däl. Huawei-niň hytaý smartfonlary HarmonyOS-y ulanýar, halkara modeller bolsa Android-e esaslanýan EMUI-de işleýärler.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...