Dias – Maswidal tutluşygynyň petekleriniň satuwy garaşylan netijäni bermedi

  • 19.07.2024 12:46
  • 13k+

Kaliforniýa ştatynyň Atletika komissiýasy (CSAC) amerikaly söweşijiler Neýt Dias bilen Horhe Maswidalyň arasyndaky boks söweşi üçin petek satuwyndan gazanylan girdejini mälim etdi.

Söweşi gurnaýjylar peteklerden bary-ýogy 1,26 mln dollar gazandylar. Bellenilişi ýaly, diňe bir adam bäş müň dollara petek satyn aldy, ýekeje petek hem 3500 dollara satylmady. Şeýle-de, 2500 dollardan 14 petek we 25 dollardan 6057 sany iň arzan petek satyn alyndy.
Ýatlap geçsek, Maswidal bilen Diasyň arasynda 7-nji iýulda geçen söweş emin agzalarynyň aglabasynyň karary netijesinde Neýtiň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Soňrak Dias on million dollarlyk şertnama baglaşandygyny öňe sürüp, tutluşygy gurnaýjylary kazyýete berdi. Bu mukdardan bir million öňünden tölenipdi, galan dokuz million söweşden soň berilmelidi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, Fanmio promouter kampaniýasy bu çäräniň ýitgili bolandygyny nygtap, tölegden ýüz öwürýär.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......