Neýt Dias boks söweşinde Horhe Maswidaldan ar aldy

  • 08.07.2024 12:33
  • 8.7k+

7-nji iýula geçilýän gije Anahaýmdaky (ABŞ) Honda Center arenasynda boks agşamy geçirildi we onuň esasy wakasy UFC-niň öňki ýyldyz söweşijileri Neýt Dias bilen Horhe Maswidalyň arasyndaky 10 raundlyk söweş boldy.

Söweş doly 10 raund dowam etdi we emin agzalarynyň aglabasynyň karary netijesinde Neýt Diasyň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Dias 2019-njy ýylyň noýabr aýynda UFC-niň çäklerinde geçirilen söweşde özüni ýeňen Maswidaldan ar aldy. Şonda söweşijiler ýörite olaryň tutluşygy üçin döredilen BMF guşagy ugrunda göreşipdiler.
Horhe Maswidal garyşyk başa-baş söweş sungatynyň düzgünleri boýunça soňky söweşini UFC 287 ýaryşynda geçirdi. Onuň garşydaşy braziliýaly söweşiji Gilbert Býorns boldy. Söweş emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Gilbertiň ýeňşi arkaly tamamlandy. Horhe üçin bu ýeňliş yzygider üçünji ýeňliş boldy.
Neýt Dias MMA-da 37 söweşe gatnaşyp, 24 ýeňiş gazandy we 13 ýeňlişe sezewar boldy. Dias geçen ýylyň awgust aýynda bloger Jeýk Pol bilen boks söweşini geçirdi we emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi netijesinde ondan ýeňildi.


08.05.2026 10:25
5.1k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....