Smartfon bazarynda Samsung bilen Apple öňde barýar, ýöne Xiaomi hem olardan galanok

  • 18.07.2024 18:31
  • 7.1k+

IDC seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde smartfon bazary 6,5% ösdi. Samsung 18,9% paýy we 53,9 million smartfon satuwy bilen öňdebaryjy bolmagynda galýar, emma satuwyň ösüşi bary-ýogy 0,7% boldy. 15,8% paýy bilen ikinji orunda barýan Apple hem  satuwda (1,5%) 45,2 million enjam bilen birneme ösüş gazanandygyny görkezýär.

Üçünji orunda satuwy 27,4% artdyryp, 14,8% paýy we 42,3 million smartfon satmak bilen Xiaomi barýar. Xiaomi şu depginini dowam etdirse, Apple-den öňe geçip biler. Emma kupertinoly kompaniýanyň täze iPhon çykarmak bilen, ýene-de güýçli öňegidişlik gazanmajagyna kepil ýok.
Vivo bilen Oppo birmeňzeş diýen ýaly netijeler bilen degişlilikde dördünji we bäşinji orny eýeledi: 9,1% we 9%. Şol bir wagtyň özünde, Vivo-nyň satuwy 21,9 %, Oppo-nyňky bolsa bary-ýogy 1,8 % ýokarlady.


17.06.2026 09:59
1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3.1k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......